Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýatynyň Gyzylarbat etrap Geňeşiniň we etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň tomus möwsüminiň 1-nji tapgyrynyň açylyş dabarasy hem-de Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli «Çagalaryň gülküsi iň ajaýyp senadyr» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň döwlet ähmiýetli başlangyçlaryny üstünlikli dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň asuda durmuşda bagtyýar ýaşamaklary, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly bolup ýetişmekleri ugrunda giň gerimli işler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, bagtly çagalygyň we arzuwlaryň hasyl bolýan diýary bolan ýurdumyzda çagajyklarymyzyň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly geçirmeklerine esaslanyp döredilen «Dürdäne» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde geçirilen dabaraly baýramçylyk çäresinde ýaş nesillerimiziň joşgunly aýdymlarydyr, ýerine ýetiren çykyşlary göwünleri has-da galkyndyrdy. Bu ýerde çagalar tomusky dynç alyş möwsümini peýdaly geçirmekleri üçin döredilen el hünäri otagy, kitaphana, zähmet otagy, miras otagy we kompýuter otaglary bilen içgin tanyşdylar. Çäräniň çäklerinde etrabyň bedenterbiýe we sport bölüminiň guramagynda sportuň woleýbol hem-de futbol görnüşleri boýunça hem gyzgalaňly bäsleşikler geçirildi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi, aň-paýhas, döredijilik mümkinçiliklerini doly derejede durmuşa geçirmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Altynaý MÄMMETNAZAROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýatynyň
Gyzylarbat etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.