ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN ÇÄRE

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň welaýat çagalar sungat mekdebi bilen bilelikde guramagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli welaýatyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynyň girelgesinde aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çäräniň dowamynda welaýat çagalar sungat mekdebinde bilim alýan çagalaryň ýürek buýsançlaryna, aýdymdyr-sazlara, tans toparlarynyň ajaýyp çykyşlaryna giň orun berlip, çykyş eden çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çaga kalplaryndan köp sag bolsun aýtdylar.

Güýçmyrat ÝAGŞYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat

Geňeşiniň başlygynyň w.w.ýe.ýe.

Meňzeş habarlar

18 Iýun 2025 | 1312 okalan

AWAZA — DOSTLUK MEKANY

18 Iýun 2025 | 895 okalan

HOŞ GAL, ÇAGALAR BAGYM!

18 Iýun 2025 | 1259 okalan

ÝAŞ TÜRGENLER BÄSLEŞDILER