ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNÜNE BAGYŞLANYLDY

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda etrabyň 2-nji çagalar bakja-bagynda Çagalary goramagyň  halkara güni mynasybetli «Biz bagtyýar çagalar» ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Gyzykly geçen çäräniň dowamynda körpe nesiller öz ukyp-başarnyklaryny aýdym-sazyň, goşgularyň üsti bilen açyp görkezdiler, şeýle hem mukaddes Garaşsyzlygymyzy, hemişelik Bitaraplygymyzy, eziz Watanymyzy wasp etýän ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdiler.

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, döredijilik we sport bilen meşgullanmagy ugrunda döredip berýän şert-mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Mukam SALAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 1 okalan

BAGTYÝARLYK BAÝRAMY

03 Iýun 2025 | 25 okalan

SPORT — KÄMILLIGE BADALGA