Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň welaýat häkimligi bilen bilelikde guramagynda welaýat ülkäni öwreniş muzeýiniň öňünde orta mekdepde bilim alýan çagalaryň we körpeleriň Awaza milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Balkan» hem-de «Arzuw», Gyzylarbat etrabynyň «Dürdäne», Balkanabat şäheriniň Hazar şäherçesiniň «Gara altyn» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerine ugradyş dabarasy geçirildi.
Dabaranyň dowamynda dynç almaga barýan çagalaryň wagtlaryny şadyýan geçirmeklerini gazanmak maksady bilen medeniýet we sungat ussatlarynyň, şeýle hem welaýat çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň çykyşlaryna giň orun berildi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar çagalaryň abadan we bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, olaryň zehin başarnyklaryny ösdürmek ugrunda yzygiderli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gözel SAPARMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
müdiri.