ÇAGALAR GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN ÇÄRE

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň, welaýat häkimliginiň, welaýat jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda welaýatyň “Altynnur” çagalar dynç alyş merkeziniň gezelenç hem-de saglygy dikeldiş okuw terbiýeçilik toplumynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Çäre dynç alyş merkezine gezelenç duşuşygyndan başlap, saglygy dikeldiş okuw terbiýeçilik toplumynda dowam edip, ol ýerde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň başlygy, şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň il sylagly ýaşulylary çykyş edip, baýramçylyk mynasybetli gutlag sözlerini beýan etdiler hem-de körpelere ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdylar.

Baýramçylyk çäresi welaýat çagalar sungat mekdebiniň okuwçylarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna baý bolup, ýakymly täsir galdyrdy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, saýlap alan hünärleriniň mynasyp eýeleri bolmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Gülnara SARYBAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Balkan welaýat

Geňeşiniň işgäri.

Meňzeş habarlar

18 Iýun 2025 | 1312 okalan

AWAZA — DOSTLUK MEKANY

18 Iýun 2025 | 895 okalan

HOŞ GAL, ÇAGALAR BAGYM!

18 Iýun 2025 | 1259 okalan

ÝAŞ TÜRGENLER BÄSLEŞDILER