Golaýda Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň «Miras» gurnagynyň we Ýaş alymlar Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watanynda bagtyýardyr, erkanadyr baýdagym» atly dabaraly maslahat geçirildi. Lukmançylyk orta okuw mekdebimiziň mejlisler zalynda geçirilen bu maslahatda çykyş edenler asuda asmanyň astynda, parahat zeminiň üstünde, binýady berkden gurlan döwletimizde asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşaýan halkymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berk jebisleşip, türkmen halkynyň buýsanmagynda we şöhratly taryhynyň häzirki döwürde dünýäde dabaralanmagynda uly ähmiýetiniň bardygy barada belläp geçdiler.
Dabaraly maslahatyň dowamynda talyplaryň arasynda yglan edilen «Parahat durmuşyň reňklere siňen gözelligi» atly surat çekmek bäsleşigi hem geçirildi bäsleşikde baýrakly orunlary alan talyplara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Täzebaý AŞYROW,
Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk
orta okuw mekdebiniň mugallymy, ilkinji
Ýaşlar guramasynyň başlygy.