KITAP BILEN AÇYLÝAR BILIMLERIŇ DÜNÝÄSI

Golaýda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz welaýat Kitaphanasynda Daşoguz welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň okuwlaryndan boş wagtlaryny has-da täsirli we gyzykly geçirmeklerini gazanmak maksady bilen «Kitap bilen açylýar bilimleriň dünýäsi» atly duşuşyk çäresini geçirdi. Duşuşyk çäresinde talyp ýaşlar özara pikir alyşdylar Kitaphananyň hazynasyny bezeýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň özleri üçin görelde mekdepdigi barada uly buýsanç bilen belläp, şol ajaýyp kitaplary kitaphanada elektron görnüşde hem maglumat alyp bilýändikleri barada Kitaphananyň hünärmeni belläp geçdi. Soňra talyp ýaşlar kitaphananyň muzeýine hem aýlanyp görüp, gadymdan miras galan birnäçe eserler barada gyzykly maglumatlar aldylar. Duşuşyk çärä gatnaşan talyp ýaşlar ähli döredip berýän mümkinçilikleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz sag bolsunlaryny aýtdylar.

Aýnur ÝUSUPOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

03 Iýun 2025 | 55 okalan

ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK

03 Iýun 2025 | 20 okalan

ERTIRKI GÜNÜŇ DAÝANJY ÝAŞLAR