ERTIRKI GÜNÜŇ DAÝANJY ÝAŞLAR

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrap Geňeşi etrabyň merkezi kitaphanasy bilen bilelikde okuwçy ýaşlaryň boş wagtlaryny manyly geçirmekleri, ýaşlaryň kitap okamaklyga bolan höweslerini artdyrmak maksady bilen «Ertirki günüň daýanjy ýaşlar» atly duşuşyk çäresini geçirdi. Bu çärä merkezi kitaphanasyna gatnaýan ýaş okyjylaryň uly topary gatnaşdy.

Kitaphananyň okalga zalynda geçirilen duşuşykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp eserleriniň ähmiýeti barada täsirli gürrüň edildi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynyň labyzly okalmagy we onuň terbiýeçilik ähmiýeti barada durlup geçilmegi duşuşyk çäresiniň täsirliligini artdyrdy. Bu çäräniň dowamynda ýaşlar özleriniň döwrümiziň waspyny ýetirýän goşgylaryny hem okadylar.

Duşuşyk çäresine gatnaşyjylar ösüşli-özgertmeli beýik döwrümizde milli mirasymyza aýratyn sarpa goýup, asylly ýörelgelerimiziň dowam etdirilmegi ugrundaky taýsyz tagallalary üçin hormatly Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşly sözlerini aýtdylar.

Gündogdy JUMADURDYÝEW,

Ruhubelent etrabynyň merkezi kitaphanasynyň işgäri,

TMÝG-niň Ruhubelent etrap Geňeşiniň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

03 Iýun 2025 | 55 okalan

ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK

03 Iýun 2025 | 20 okalan

ERTIRKI GÜNÜŇ DAÝANJY ÝAŞLAR