ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Şabat etrap Geňeşi, etrabyň häkimligi, jemgyýetçilik guramalary, etrap Medeniýet bölümi bilen bilelikde etrabyň medeniýet merkezinde Türkmenistanyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylyny dabaralandyrmak hem-de Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkara hyzmatdaşlygynda alyp barýan beýik işlerini wagyz etmek maksady bilen «Parahatçylyk ýoly, dost –doganlyk ýoly» atly maslahat çäresini geçirdi. Çärede il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş etdiler.  Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen bu gün Watanymyz ýer ýüzünde asudalygyň dost-doganlygyň dabaralanýan mekany, dünýäniň ähli halklarynyň asuda we bagtyýar ýaşaýyşyna gönükdirilen möhüm ähmiýetli başlangyçlary öňe sürýän ýurt hökmünde tanalýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygy belleniljek şu ýylynda bu ýörelgeler täze taryhy döwrümizde has-da rowaçlanyp, eziz Diýarymyz dost-doganlygyň mekanyna parahatçylyk dörediji merkeze öwrüldi diýip buýsanç bilen belläp geçdiler.Maslahat çäresine gatnaşanlar ähli mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar .

Farruhbek HAÝITOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Şabat etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

03 Iýun 2025 | 55 okalan

ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK

03 Iýun 2025 | 20 okalan

ERTIRKI GÜNÜŇ DAÝANJY ÝAŞLAR