HOŞ GAL EZIZ BAKJAM

Golaýda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň 2-nji çagalar bakja-bagynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşi hem-de jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda, 2-nji çagalar bakja-bagynda terbiýelenýän körpejeleriň gatnaşmagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda çagalar bagyna gatnaýan körpeleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, olaryň ukyp-başarnyklaryny ösdürmek, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen «Hoş gal eziz bakjam» atly aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirdi.

Dabarada körpeler özleriniň ukyp başarnyklaryny aýdymdyr-sazlarynyň üsti bilen görkezdiler. Şeýle hem körpe balalar öz aralarynda Watanymyzy wasp edýän goşgular bilen diňleýjilerde täsinlikler galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna çaga kalplaryndan köp sag bolsun aýtdylar.

Gunça SAPAROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň

Hojambaz etrap Geňeşiniň guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

 

Meňzeş habarlar

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA SYÝASATY DABARALANÝAR

04 Iýun 2025 | 0 okalan

EKOLOGIÝA ARASSAÇYLYGY ÝURDUŇ BEZEGI

03 Iýun 2025 | 32 okalan

ÇAGA GÜLKÜSI – BAGT GÜLKÜSI