Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda okamaga, öwrenmäge, döretmäge daşky gurşawymyzy, ekologik medeniýetimizi arassa saklamaklyk ugrunda bimöçber aladalar edilýär. Häzirki döwür ençeme möhüm wezipeleri, düýpli meseleleri çözmekde täze usullary işläp taýýarlamagy talap edýär. Bu meseleleriň hatarynda ekologiýa howpsuzlygy ýaly ählumumy howpsuzlyk bilen bagly mesele hem bar. Daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek hem-de howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işler giň gerime eýedir. Ýurdumyzda her ýyl saýaly we pürli agaçlaryň, gülleriň nahallaryny oturtmak indi halkymyz üçin asylly däp boldy. Bu ýörelgä agzybir Türkmen halky uly höwes bilen eýerýärler. Soňky döwürde jemgyýetimizde ekologiýa babatda bilimleriň we ekologiýa medeniýetiniň durmuş ähmiýeti ýokarlanýar, ekologiýa ylmynyň nazary we amaly ugurlary ösdürilýär.
Biz hem geljek-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda tebigaty goramakda we ony aýawly saklamakda alyp barýan asylly işlerine özümiziň mynasyp goşandymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys. Goý, halkymyzy bagtyýar günleriň goýnunda ýaşadýan, Garaşsyz Watanymyzy has-da gülledip ösdürmekde belent maksatly işleri durmuşa geçirýän, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde biz ýaşlara görelde bolýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, tutýan tutumly işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!
Nasiba ŞERALIÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Çärjew etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.