Ýakynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň guramagynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmagynda daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ekologiýa arassaçylygy ýurduň bezegi» atly duşuşyk çäresini geçirdi.
Duşuşykda Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe uly üstünlikler bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Bitarap döwletimiz gün saýyn ösüşlere beslenýär. Täze gurlan we döwrebaplaşdyrylýan kärhanalar daşky gurşawa hem-de adamlaryň saglygyna zyýan ýetirmez ýaly, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Önümçilikde peýda bolýan galyndylaryň zyýansyzlandyrylmagy, gaýtadan işlenilmegi hem-de tebigy serişdeleri tygşytly ulanmak bilen bagly häzirki zaman çözgütleri giňden ulanylýar. Tebigatdan alynýan çig mallardan öndürilýän azyk önümleri halkara derejesindäki hil, ekologiýa we howpsuzlyk standartlaryna laýyk gelýänligi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.
Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlara döredilýän giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Aýgül NYÝAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Çärjew etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.