Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynyň tomusky dynç alyş möwsüminde çagalaryň dynç alşyny gyzykly, täsirli we şadyýan geçirmeklerini gazanmak maksady bilen «Bagtyýar nesil» çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň arasynda, ýaş nesliň çeper döredijilige bolan höwesini artdyrmak maksady bilen «Gözel ülkämi wasp edýärin» atly surat çekmek bäsleşigi geçirildi. Çagalar özleriniň ukyp başarnyklaryna laýyklykda öz aralarynda gözel tebigatymyzyň ajaýyp suratlaryny çekdiler. Bu bolsa çagalaryň ünsliliginiň artmagyna şeýle hem, tebigy ukyp başarnyklaryny ýüze çykarmaga ýardam berýär. Bäsleşik diýseň gyzykly we çekeleşikli geçdi. Bäsleşigiň dowamynda has aýratyn tapawutlanan çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Köneürgenç etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
Gülnahal DÄDEBAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.