Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşi etrabyň 2-nji çagalar we ýetginjekler sport mekdebiniň ýaş ýetginjekleriň arasynda etrabyň açyk birinjiligini almak ugrunda «Sport – güýç-gaýrat, saglyk» atly şygar astynda sportuň grek-rim göreşi görnüşi boýunça ýaryş geçirdi.
Ýaryş diýseň gyzykly hem çekeleşikli geçdi. Ýaryşyň guramaçylyk we eminler toparynyň gelen netijelerine görä ýaryşyň ýeňijileri yglan edildi.
Ýaryşyň ýeňijilerine şeýle hem beýlekilerden has tapawutly çykyş eden ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrap Geňeşiniň hem-de Boldumsaz etrabynyň 2-nji sport mekdebiň adyndan ýeňiji kemerler, medallar, Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlary dabaraly gowşuryldy.
Parahat SABIROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Boldumsaz etrap Geňeşiniň Gubadag şäher
bölümçesiniň baş hünärmeni.