Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşi, Ýaşlaryň boş wagtlaryny ýerlikli peýdalanmagyny, olaryň ýaramaz endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn-durmuş ýörelgelerini giňden wagyz-nesihat etmek, şeýle hem ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek maksady bilen Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyň 1-nji sport mekdebinde «Sport-kämillige badalga» atly sportuň düzzüm görnüşi boýunça ýaryş geçirdi. Öz aralarynda bäsleşen ýaşlar, bu babatda özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşige 1-nji sport mekdebinde gatnaýan sport söýüji ýaşlar gatnaşdylar.Ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn ruhly, berk bedenli, päk ahlakly, maksada okgunly ýaşlar bolup ýetişmeklerini gazanmak, ýaş türgenleriň şahsy ukyplaryny ýokarlandyrmak ugrunda belent işler amala aşyrylyp birnäçe mümkinçilikler döredilýär. Sport çäresine gatnaşyjylar ýurdumyzda sporty ösdürmeklige aýratyn üns berýän, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagyna, saglygyny berkitmegine giň mümkinçilikleri döredýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz sagbolsunlaryny beýan etdiler.
Ýeňişmyrat NEPESOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Saparmyrat Türkmenbaşy etrap
Geňeşiniň bölüm müdiri.