Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi, Daşoguz welaýat Kitaphanasynda welaýatyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň boş wagtlaryny has-da täsirli geçirmek maksady bilen «Kitap ylmyň açary» atly zehin bäsleşigini geçirdi. Bäsleşikde çeper eserleri has köp okan talyp ýaşlar özara bäsleşip, okan eserleriniň özlerinde goýan täsirli wakalary gürrüň berdiler. Talyp ýaşlar çäräniň dowamynda welaýat kitaphanasynyň obserwatoriýa otagyna-da gezelenç edip asman jisimleri bilen tanyş boldular. Çärede has-da köp çeper eser okan talyp ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Talyp ýaşlar özleri üçin döredilýän ähli şertler we mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Jennet ÖRÄÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat
Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň
esasy hünärmeni.