Golaýda Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher we Görogly etrap Geňeşleriniň TKA-nyň welaýat birleşmesi, Daşoguz şäher medeniýet merkezi bilen bilelikde guramaklarynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Hoş owazlar ýaňlansyn, şirwan perdä galanda, medeniýetim, sungatym has-da galýar belende» atly şygar bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň uly mejlisler zalynda geçirilen dabara TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher we Görogly etrap Geňeşleriniň TKA-nyň welaýat birleşmesiniň işjeň agzalary gatnaşdy.
Baýramçylyk çäresiniň dowamynda TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni Gülruh Atabaýewa, Görogly etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň mugallymy, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Jahan Babaýewa, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň maglumat tehnologiýalar bölüminiň esasy hünärmeni Begmyrat Baýramow dagylar çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň rowaçlanmagyna, dünýä çykmagyna giň ýoluň açylandygy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň söz ussatlaryna, aýratyn-da, beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly sarpa goýýandygy, şahyryň bize goýan edebi mirasy dogrusynda giňişleýin çykyş etdiler.
Soňra Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň taýýarlan baýramçylyk çykyşlaryna giň orun berildi. Ýaňlanan aýdym-sazlar beýik döwrümiziň beýanyna öwrüldi.
Begenç GARAMURADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Görogly etrap Geňeşiniň başlygy.