KÄMIL ÝAŞLAR RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrap Geňeşi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan, zehininden dörän kitaplaryny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, olaryň terbiýeçilik ähmiýetini düşündirmek maksady bilen ýaşlar guramasynyň işjeň agzalarynyň we jemgyýetçilik guramalaryň wekilleriniň gatnaşmaklarynda «Kämil ýaşlar röwşen geljegimizdir» atly duşuşyk çäresini geçirdi. Çärede çykyş edenler Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň ýaşlar üçin mydama görelde nusgalyk mekdepdigi barada uly buýsanç bilen bellediler. Çäräniň ahyrynda Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza Türkmen halkymyzy bagtly bagtyýar döwletde ýaşadýanlygy hem-de ýaşlara döredip berýän giň mümkinçilikler üçin alkyş sözlerini aýtdylar.

Mähri TOÝMEDOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň umumy

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

18 Iýun 2025 | 201 okalan

KÄMIL ÝAŞLAR RÖWŞEN GELJEGIMIZDIR

18 Iýun 2025 | 194 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI

18 Iýun 2025 | 149 okalan

KITAP YLMYŇ AÇARY