Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi tarapyndan 5-nji çagalar bakja bagynda körpeleriň arasynda «Sagdyn-nesil bagtyýar geljek» atly oýun görnüşli bäsleşik geçirildi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýaş nesiliň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini wagyz etmek hem-de ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşik diýseň gyzykly we çekeleşikli boldy. Bäsleşikde tapawutlanan körpeler, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köneürgenç etrap Geňeşi tarapyndan sylaglanyldylar, bagtyýar körpeler öz ajaýyp goşgylarynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza süýji arzuwlaryny beýan etdiler.
Maýa ÇOWDUROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Köneürgenç etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.