SAGDYN – NESIL BAGTYÝAR GELJEK

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrap Geňeşi tarapyndan 5-nji çagalar bakja bagynda körpeleriň arasynda «Sagdyn-nesil bagtyýar geljek» atly oýun görnüşli bäsleşik geçirildi. «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýaş nesiliň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermeklerini wagyz etmek hem-de ýaşlaryň sporta bolan höwesini artdyrmak maksady bilen bäsleşik geçirildi. Bäsleşik diýseň gyzykly we çekeleşikli boldy. Bäsleşikde tapawutlanan körpeler, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Köneürgenç etrap Geňeşi tarapyndan  sylaglanyldylar, bagtyýar körpeler öz ajaýyp goşgylarynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza süýji arzuwlaryny beýan etdiler.

Maýa ÇOWDUROWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň

Köneürgenç etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

18 Iýul 2025 | 30 okalan

HÜNÄRIM BAR-HORMATYM BAR

18 Iýul 2025 | 20 okalan

ÝYLYŇ ŞYGARYNA BAGYŞLANDY