Bagtyýar çagalygyň mekany bolan ata Watanymyz Türkmenistanda ýaş nesliň asuda durmuşda abadan ýaşamagy, ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn ruhubelent nesiller bolup ýetişmekleri üçin ajaýyp şertler döredilýär. Şeýle mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, ýaş nesiller sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Ulanylmaga berilýän sport maksatly desgalaryň, şol sanda sport mekdepleriniň hat-da çagalar baglarynyň sport meýdançalarynda ýaşlaryň sport-da barha taplanmagynda, ökde türgenler bolup ýetişmeklerinde uly ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda çagalar baglarynda terbiýelenýän ýaş körpejeleriň sportuň dürli ugurlary bilen gyzyklanyp meşgullanmaklary we olaryň sagdyn ösüp ulalmagy ugrunda giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Şeýle çäreleriň biri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap Geňeşiniň gurnamagynda etrabyň 2-nji çagalar bakja-bagynda körpeje nesilleriň arasynda sportuň dürli görnüşi boýunça sport çäresi boldy. Çärede mekdebe çenli terbiýelenýän çagalar özleriniň Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, bagtyýar çagalygy, Watany wasp edýän şirin aýdymlardyr, goşgularyny, tanslaryny, sport boýunça-da zehinlerini we beýleki işleri ussatlyk bilen görkezdiler. Sport çäresi çagalar üçin gyzykly we ýatdan çykmajak pursatlaryň biri boldy. Geçirilýän şeýle çäreler bolsa çagalaryň sporta bolan höwesini artdyrýar.
Durmuşymyzyň gymmaty we parahat geljegimiziň diregi bolan bagtyýar çagalar barada edýän atalyk aladalary üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsyn.
Akjagül AMANOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň
Akdepe etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň baş hünärmeni.