WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň guramagynda toplumda zähmet çekýän ýaş hünärmenleriň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Çäräniň dowamynda çykyş edenler ýurdumyzyň ykdysadyýetini has-da berkitmek, daşary döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi döretmek, daşary döwletlere eksport kuwwatyny artdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi, häzirki zaman tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylan döwrebap dokma toplumlarynyň ençemesiniň gurlup ulanylmaga berilýändigi, şol ýerlerde hem zähmet çekýänleriň aglaba böleginiň ýaş hünärmenler bolmagynyň dokma pudagynyň geriminiň has-da giňeldilmegi üçin uly işleriň amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýandygy dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar dokma senagatyny ösdürmek, dokma önümleriniň dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak ugrunda döredip berýän şert-mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Osman AŞYROW,

Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly

adyndaky IÝG-niň başlygy.

Meňzeş habarlar