GURBAN BAÝRAMY MYNASYBETLI BAÝRAMÇYLYK ÇÄRESI GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň hem-de «Türkmenistan» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda paýtagtymyzyň döwrebap ýaşaýyş jaýynda Gurban baýramy mynasybetli TMÝG-niň ýaş hünärmenleriniň hem-de teleýaýlymyň döredijilik toparynyň işgärleriniň gatnaşmagynda baýramçylyk toý saçagynyň başynda ýazgy geçirildi.

Saçak başynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda giňden bellenilen Gurban baýramynyň külli musulman döwletleri bilen birlikde, türkmen halkynyň asyrlardan-asyrlara, nesillerden-nesillere geçip gelýän belent ahlak gymmatlyklaryny, ynanç-adatlaryny özünde jemleýän, ynsanperwerligi hem-de hoşniýetliligi dabaralandyrýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ahyrynda oňa gatnaşanlar türkmen halkynyň abadan hem eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Ogulsapar BABYLOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar