BAÝRAMÇYLYK KONSERTI GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň we etrap häkimliginiň bilelikde guramagynda Gurban baýramy mynasybetli «Watanda toýlar toýa ulaşýar» ady bilen baýramçylyk konserti geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada geçirilen bu baýramçylyk çäresine saglyk we bilim ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlar we talyplar gatnaşdylar. Konsertiň dowamynda eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini, türkmen halkynyň ruhy ýörelgelerini wasp edýän uly joşgun we ylham bilen ýerine ýetirilen aýdymlar we çykyşlar oňa gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözleri beýan edildi.

Röwşen MODYÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar