DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERINI SYLAGLAMAK DABARASY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi hem-de «Zaman-Türkmenistan» gazetiniň redaksiýasy tarapyndan Ylymlar güni mynasybetli ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny kämilleşdirmek, olary milli ruhly, döwrebap eserleri döretmäge höweslendirmek maksady bilen yglan edilen «Talyp ylhamy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda orta hünär we ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary öz döredijilikleri bilen tanyşdyryp Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzy wasp edýän eserleri bilen tanyşdyrdylar. Şeýle hem bäsleşige gatnaşan we ýeňiji bolan talyp ýaşlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň mynasyp bilim-terbiýeli, giň dünýägaraýyşly, watanasöýüji, zähmetsöýer kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda şert-mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Serdar NAZAROW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar