Ýakynda Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine ýaş ýetginjekleriň gatnaşmagynda Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi, Aşgabat şäher PM-niň Berkararlyk etrap PB-niň bilelikde gatnaşmagynda terbiýelenmesi kyn bolan kämillik ýaşyna ýetmedik ýaşlaryň ruhy ahlak, aň-bilim, beden taýdan ösüşi, döwrebap bilim almaklaryny hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny we ýüze çykýan nogsanlyklardan daşda durmaklaryny gazanmaga, olaryň watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelenmäge, şeýle hem olaryň zyýanly endiklere, hukuk bozulmalara baş goşmazlyklarynyň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri durmuşa geçirmek maksady bilen gezelenç we wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda her bir maşgalanyň berk, kämil bolmagy we abadan bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleriň döredilýändigi we olaryň oňyn netije berýändigi baradaky çykyşlar wagyz-nesihat çäresinde aýratyn bellenildi. Çäräniň dowamynda gatnaşan çagajyklara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi tarapyndan süýjilikler gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda Watanymyzda ýaşlaryň bagtyýar ýaşamagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gülaýym AŞYROWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Berkararlyk etap Geňeşiniň esasy hünärmeni.