Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Aşgabat şäher Raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirligi, Aşgabat şäheriniň häkimligi, Aşgabat şäheriniň Saglygy goraýyş müdirligi, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýeti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşi, “Bagtyýarlyk” sport toplumy bilen bilelikde Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň, Türkmen döwlet maliýe institutynyň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplaryndan döredilen sanitar toparlarynyň arasynda “Iň gowy taýýarlykly sanitar topary” atly bäsleşik geçirildi. Bäsleşik 5 (bäş) şertden ybarat bolup, oňa gatnaşan talyplaryň içinde has tapawutlananlar, ýagny, 1-nji orna mynasyp bolan ýeňiji topar “Iň gowy ýaş halasgär topary” diýlip yglan edildi we bu topara bäsleşigiň göçme kubogy, ýadygärlik sowgatlary we hormat hatlary gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşan ýaşlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Aýjahan MUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş
bölüminiň esasy hünärmeni.