YLYMLAR GÜNÜNE BAGYŞLANYLDY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Mary etrap Geňeşiniň hem-de etrap bilim bölüminiň bilelikde guramagynda Ylymlar güni mynasybetli ýaşlaryň özbaşdak işlemek endiklerini ösdürmek, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak maksady bilen etrabyň ýöriteleşdirilen 38-nji orta mekdebiniň mugallymlarynyň gatnaşmagynda mekdep kitaphanasynda «Kitap — ylmyň açary» ady bilen duşuşyk geçirildi.

Täsirli geçen duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşanlar ýaşlary kitaphana çekmekde, olarda kitap okamaga bolan höwesi artdyrmakda netijeli işleriň durmuşa geçirilýändigi, şeýle hem, kitaphanalarda dürli kitaplaryň elýeterliligi dogrusynda gürrüň berdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, döredijilik bilen meşgullanmagy, ylym öwrenmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Sülgün ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Mary etrap Geňeşiniň sanly ulgam

boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar