Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda zähmetsöýer daýhanlarymyz özleriniň gaýratly zähmeti bilen bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Edermen babadaýhanlarymyzyň derini zer edip kemala getiren ak ekinleri orak möwsüminiň golaý gelendigini buşlaýar.
Galla oragyna girişmek üçin geçirilen dabara etrap häkimliginiň wekilleri, il sylagly ýaşulylar, tejribeli agronomlar, mehanizatorlar, kärendeçiler, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşyp, elleri orakly ýaşulylar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasyna eýerip, «Harmanyňyza bereket, çäjiňize bereket!» ýaly hoşniýetli arzuwlar bilen ýetişen dänäni ordular.
Dabara gatnaşanlaryň her biri türkmen halkynyň bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Babajan MUHAMMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň
Türkmengala etrap Geňeşiniň başlygy.