KITAP BILEN AÇYLÝAR TARYHYŇ SYRLY GATLARY

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň, etrap bilim bölüminiň, TKA-nyň etrap birleşmesiniň, etrap merkezi kitaphanasynyň bilelikde guramagynda etrap merkezi kitaphanasynda kitaphana işgärleriniň we okuwçylaryňp gatnaşmagynda «Kitap bilen açylýar taryhyň syrly gatlary» atly kitap okamak boýunça döredijilik bäsleşigi geçirildi. Ýaşlarda kitaba bolan söýgini güýçlendirmek, olarda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan gymmatly eserleriniň üsti bilen watançylyk duýgusyny, milli mirasa sarpany, zähmete söýgini döretmek maksady bilen geçirilen bäsleşik hemmeler üçin örän täsirli boldy.

Onda TKA-nyň etrap birleşmesiniň başlygy Ýazdurdy Abdyrahmanow, etrap merkezi kitaphanasynyň müdiri Ogulbaýram Ismailowa dagylar çykyş etdiler. Bäsleşigiň netijeleri boýunça 1-nji orna etrabyň 20-nji orta mekdebiniň 9-njy synp okuwçysy Oguljennet Agaýusupowa, 2-nji orna etrabyň 3-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Akpamyk Satlykowa, 3 -nji orna etrabyň 7-nji orta mekdebiniň 6-njy synp okuwçysy Aýmerjen Jumasahatowa mynasyp bolup, olara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Tagtabazar etrap Geňeşiniň Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, döredijilik bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ogulboldy ÖWEZBERDIÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Tagtabazar etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar