Ýakynda Lebap welaýatynyň Çärjew etrap häkimliginde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň guramagynda medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda ýaş nesiller üçin edilýän aladalary ýaşlaryň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen “Köňle şypa, göwünlere ganatdyr, beýik Arkadagly diýarym meniň!” ady bilen maslahat duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň jemgyýetde mynasyp orny eýelemegi, dürli ugurlarda işjeň çykyş etmegi, ukyplaryny ösdürip, saýlap alan hünär ugrunda kämilleşmegi üçin döwlet derejesinde uly tagallalar edilýänligi barada giňişleýin bellediler.
Duşuşygyň ahyrynda çykyş edenler türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini beýan etdiler.
Almaz BAZAROW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň
Çärjew etrap Geňeşiniň guramaçylyk
bölüminiň müdiri.