Ýakynda Lebap welaýatynyň “Bagtyýarlyk” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň guramagynda dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini gyzykly we täsirli geçirmeklerini gazanmak maksady bilen “Çagalaryň bagtyýarlygy— Watanymyzyň buýsanjy” ady bilen döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Bäsleşige welaýatymyzyň ähli künjeklerinden dynç almaga gelen şadyýan körpeler işjeň gatnaşdylar.
Bäsleşige gatnaşan çagalar Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşi tarapyndan hormat hatlara mynasyp boldular.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň saglygy barada uly aladalar edýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza öz ýürek buýsançlaryny hem-de alkyş sözlerini goşgularyň üsdi bilen beýan etdiler.
Serdar JUMAMYRADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar Guramasynyň Lebap welaýatynyň
Çärjew etrap Geňeşiniň başlygy.