Ýakynda Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň öňüsyrasynda milli medeniýetimizi ösdürmek, onuň çäginde milli saz guralymyz dutara, bagşyçylyk sungatyna yhlas eden zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde ýaş dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Lebap welaýat tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda bagşylar dessanlardan, nusgawy şahyrlarymyzyň goşgularyna türkmen halk aýdymlaryny, şeýle hem mukamçy kompozitorlaryň döreden aýdymlaryny uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Ýaş dutarçy bagşylaryň joşgunly çykyşlarynyň netijesinde bäsleşigiň ýeňijileri Lebap welaýat Medeniýet müdirligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi tarapyndan sylaglandylar.
Aziz ROZMURADOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň
Umumy bölüminiň müdiri.