Golaýda Lebap welaýatynyň «Bagtyýarlyk» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň wagtlaryny gyzykly hem-de täsirli geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe sport guramasy bilen bilelikde guramagynda «Çaga gülküsi — parahatçylygyň owazy» ady bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda çagalar hakyndaky alada üns merkezinde saklanylýar. Şeýle bolansoň, biziň geljegimiz bolan çagalar bagtyýar durmuşda ýaşaýarlar, her gününi şatlykly geçirýärler. Şu günler hem Diýarymyzda dowam edýän mekdep okuwçylarynyň tomusky dynç alyş döwründe çagalar ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny örän täsirli geçirýärler.
Dynç alýan çagalaryň arasynda geçirilen bu ýaryş uly şatlyk-şowhuna beslendi hem-de çagalarda ýatdan çykmajak pursatlary döretdi. Ýaryşyň ahyrynda utuş gazanan topara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşi tarapyndan sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.
Aýjahan MOLLAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.