SPORT BÄSLEŞIGI GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň, Büzmeýin etrap häkimliginiň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň bilelikde guramagynda “Ýaşlyk” çagalar sagaldyş-dynç alyş merkezinde dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda sportuň birnäçe görnüşleri boýunça bäsleşik geçirildi.

Çagalaryň göwnejaý dynç almagyny, beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmegini gazanmak maksady bilen geçirilen sport çäresine gatnaşyp, erjellik bilen bäsleşip, öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezen çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Sport bäsleşiginiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowana ýollarda rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Bezirgen ORAZMÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Büzmeýin etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar