«TEGELEK STOLUŇ» BAŞYNDA SÖHBETDEŞLIK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher hem-de Köpetdag etrap Geňeşleriniň bilelikde guramagynda şäheriň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik duşuşygy geçirildi.

Geçirilen duşuşyga TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň müdiri Hoşgeldi Annageldiýew, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň küşt mugallymy Durdygözel Amanowa hem-de TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Ogulbäbek Baýmyradowa dagylar çykyş edip, 15-19-nji iýun aralygynda Aşgabat şäheriniň küşt we şaşka mekdebinde geçirilýän 8, 10 we 12 ýaşlaryndaky ýaş ýetginjekleriň gatnaşmagynda geçirilýän halkara ýaryş boýunça giňişleýin söhbet etdiler.

Mälim bolşy ýaly, bu halkara ýaryşa Türkmenistan bilen bir hatarda, Wýetnamdan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Russiýadan, Täjigistandan, Tailanddan, Özbegistandan 8, 10 we 12 ýaşlaryndaky ýaş türgenler gatnaşdylar.

Çykyş edenler häzirki wagtda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş, ýokary netijeli sport hereketiniň ösdürilmegi Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridigini uly buýsanç bilen bellediler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda oňa gatnaşanlar beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly, zehinli ýaşlary terbiýelemekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Orazgül ÇARYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Umumy bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar