SAGDYN NESIL, SAGDYN JEMGYÝET!

Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Çeperçilik Akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň bilelikde guramagynda talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda “Sagdyn nesil, sagdyn jemgyýet!” ady bilen sport çäresi geçirildi.

Ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini giňden wagyz etmek, ýaşlary köpçülikleýin sporta çekmek, olarda sporta bolan söýgini döretmek, şeýle hem sport ussatlygyny kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen çäräniň dowamynda talyp ýaşlar sportuň dürli görnüşleri boýunça öz ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň eşretli zamanamyzda döwrebap bilim almagy, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Altyn DURDYÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň baş hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Awgust 2025 | 36 okalan

SAGDYN NESIL – SAGDYN JEMGYÝET

08 Awgust 2025 | 65 okalan

«DÜNÝÄNIŇ NAZARY AWAZADA»