Ýakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde tassyklan meýilnamasy esasynda, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň meýilnamasyndan ugur alyp, TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrap Geňeşiniň, etrap häkimligimiň, Aşgabat şäher PM-niň Köpetdag etrap PB-niň KÝÝIBB-niň bilelikde guramagynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur almak bilen, kämillik ýaşyna ýetmedik ýaşlaryň ruhy ahlak, aň-bilim, beden taýdan ösüşini, döwrebap bilim almagyny, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny, olaryň ýüze çykýan nogsanlyklardan, zyýanly endiklerden, hukuk bozulmalardan daşda durmagyny gazanmak, watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen kämillik ýaşyna ýetmedik ýetginjekleriň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gezelenç çäresi geçirildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň bagtyýar durmuşda erkana ýaşamagy, mynasyp bilim-terbiýe almagy, giň dünýägaraýyşly kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda şert-mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Nurmuhammet DÖWLETOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň
Köpetdag etrap Geňeşiniň başlygy.