Golaýda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň hem-de “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda ýurdumyzda her ýylda giňden bellenilýän Ylymlar güni mynasybetli “Parahatçylyk: ýaşlaryň sesi” atly gepleşiginiň nobatdaky sany ýazga geçirildi.
Gepleşigiň bu gezekki sanyna Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde geçiren Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşiginiň ýeňijileri ýagny, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň mugallymy Atajan Nurýagdyýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň 3-nji ýyl talyby Abdyleziz Saryýew, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 3-nji ýyl talyby Şasenem Meýlisowa, Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 39-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Nabat Janmyradowa dagylar gatnaşdylar.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bütin dünýä ýüzünde ylmyň we tehnikanyň sazlaşykly ösdürilýän eýýamynda we adamzadyň ylmy düşünjeleriniň üstünlik gazanýan döwründe ýurdumyzda ýaşlaryň ähli ugurlar boýunça şol sanda ylym-bilimde döredilýän mümkinçiliklerden netijeli peýdalanmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Muňa her ýylda Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça bäsleşiginiň geçirilmegi we ýurdumyzyň ýaşlarynyň aglabasynyň gazanan üstünliklerini hem mysal getirmek mümkin.
Gepleşigiň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýurdumyzyň geljegini ýaşlarda görýän alym Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Ogulbäbek BAÝMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.