Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Maglumat, maslahat beriş we meýletinçilik hereketiniň işleri boýunça Merkeziň “Ýaş şahyrlar we žurnalistler” gurnagynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi.
Bu duşuşyga ýaş žurnalistler, şahyrlar we çeper edebiýatyň muşdaklary gatnaşdylar. Halypa şahyr Gurbandurdy Orazow bilen Aşyrmät Garlyýew duşuşygyň arzyly myhmanlary boldular. Täsirli geçen duşuşykda halypalar döredijiligiň ýaş wekillerine öz maslahatlaryny berdiler, döredijilik ýolundaky baý tejribelerini paýlaşdylar. Çäräniň dowamynda ýaş şahyrlar Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň belent ösüşlerini, parahatçylygy, bagtyýar durmuşy wasp edýän, şeýle-hem söýgi, durmuş temalaryndan söz açýan birnäçe şygyrlaryny okap berdiler. Mundan başga-da halypalar bilen täsirli pikir alyşmalara giň orun berildi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, döredijilik bilen giňden meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, alyp barýan il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Gurban MYRADOW,
“Arkadagly Ýaşlar” elektron
žurnalynyň jogapkär kätibi.