ÝAŞ KÜŞTÇILERIŇ ŞANYNA

Düýn Arkadag şäherindäki «Märkaw» myhmanhanasynyň toý mekany köp adamly boldy. Paýtagtymyz Aşgabatda üç gün dowam eden küşt boýunça halkara ýaryşa gatnaşan körpe sportsöýüjiler bu ýerde myhmançylykda boldular.

Mälim bolşy ýaly, Ýewropanyň, Aziýanyň 11 ýurdundan 8, 10 we 12 ýaşlaryndaky türgenleriň 129-synyň gatnaşmagynda Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde akyl-paýhas oýny bolan sportuň küşt görnüşi boýunça halkara ýaryşy geçirildi. Onda Ýewropanyň we Aziýanyň 11 ýurdundan, şol sanda Türkmenistandan, Wýetnamdan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Russiýadan, Täjigistandan, Tailanddan, Özbegistandan zehinli küştçüler özara ýaryşdylar. Küşt boýunça halkara ýaryş üstünlikli tamamlanyp, ýurdumyzda ýaş nesilleriň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy babatda döredilýän mümkinçilikler oňyn netijesini berdi.  Ýaryşa gatnaşan küştçüleriň görkezen oýunlary netijesinde olaryň toplan utuklary boýunça orunlar kesgitlenende, Türkmenistan 7 altyn, 6 kümüş, 6 bürünç – jemi 19 medal gazanyp, birinji orny eýelemegi başardy.

Arkadag şäherindäki «Märkaw» myhmanhanasynyň toý mekanynda geçirilen dabarada hem ýaryşa gatnaşan çagalara we olaryň ýany bilen gelen ene-atalaryna, tälimçilerine, lukmanlaryna, ýagny her ýurda wekilçilik eden toparyň ähli agzalaryna Gahryman Arkadagymyzyň adyndan Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

 Soňra bu ýerde ýurdumyzyň çagalar döredijilik toparlarynyň çykyşlaryna giň orun berildi. Ýaşajyk artistler öz çykyşlarynda Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik işlerini, Berkarar döwletimizde ýetilen sepgitleri, bagtyýar çagalygy wasp etdiler. Şeýle hem daşary ýurt dillerinde şadyýan aýdym-sazlar joşgunly ýerine ýetirildi. Konsertde ýerine ýetirilen küştdepdi tansy hemmeleriň şatlygyny has-da artdyrdy we oňa gatnaşyjylaryň her birinde ýakymly täsirleri galdyrdy.

Umyda KAKAÝEWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

19 Iýun 2025 | 41 okalan

ÝAŞ KÜŞTÇILERIŇ ŞANYNA

12 Iýun 2025 | 373 okalan

MILLILIGIMIZ DABARALANÝAR