Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde guramagynda ýaşlaryň arasynda geçirilen ylmy işler boýunça bäsleşiginde Arkadag şäherinden ýeňiji bolan ýaşlaryň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirildi.
Ylymlar güni mynasybetli ylym bilen meşgul bolýan ýaşlaryň özbaşdak işlemek endiklerini ösdürmek, döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak, olary ylmy-barlag we önümçilik işine çekmek, şeýle hem öňdebaryjy ýaş alymlaryň gazanan üstünligini wagyz etmek maksady bilen geçirilen bu söhbetdeşlik «Ylymly ýaşlar – berkararlygyň binýady» diýlip atlandyryldy.
Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçirilen söhbetdeşlikde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň mugallymlary Tawus Gordyýewa we Annadurdy Çaýyrow, akademiýanyň talyplary Guwanç Ýoldaşow hem-de Öwezmyrat Aýdogdyýew dagy ýurdumyzda durmuşa geçirilýän ylym özgertmeleri, ýaş nesilleriň ylym bilen meşgullanmagy üçin döredilýän mümkinçilikler hem-de özleriniň alyp baran ylmy işleriniň ähmiýeti dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Şeýle hem türkmen ylmyny ösüşiň täze belent sepgitlerine ýetirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.