Ýakynda ýurdumyzyň ähli künjeginde milli senenamamyzyň ähmiýetli seneleriniň sanawyna girizilen Gurban baýramy mynasybetli toýdur dabaralar giň gerimde dabaralandy. Türkmen topragynda gadymdan bäri aýratyn sarpalanýan bu mukaddes baýramçylyk mynasybetli Arkadag şäherinde hem çäreler ýokary guramaçylykly geçirildi. Şeýle çäreleriň biri-de Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň baş hasapçysy Maýagözel Täçmyradowalaryň öýünde gepleşik ýazgy edildi.
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň guramagynda geçirilen ýazgynyň esasy maksady ýaşlarda milli ruhy kemala getirmekden, olarda köküni taryhyň gatlaryndan alyp gaýdýan milli däp-dessurlarymyz, urp-adatlarymyz barada düşünjäni ösdürmekden hem-de Mukaddes Gurban baýramynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmekden ybarat boldy.
Naz-nygmatly saçagyň başynda jemlenen öý eýeleri we olaryň ýakyn dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary mukaddes Gurban baýramynyň ähmiýeti, milli ynsanperwerlik ýörelgeleri, Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň milletiň ruhuny galkyndyrmak, türkmenleriň gadymy däplerini dikeltmek baradaky aladalary dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler, şeýle-de bu mukaddes günlerde Mekke we Medinä haj zyýaratyny amala aşyrýan ildeşlerimize ýagşy arzuw-niýetleri beýan etdiler.
Umyda KAKAÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň
Geňeşiniň bölüm müdiri.