GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde tassyklan meýilnamasy esasynda, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň meýilnamasyndan ugur alyp, TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň, etrap häkimligimiň, Aşgabat şäher PM-niň Bagtyýarlyk etrap PB-niň KÝÝIBB-niň bilelikde guramagynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyndan ugur almak bilen, kämillik ýaşyna ýetmedik ýaşlaryň aň-bilim, ruhy we beden taýdan ösüşini, mynasyp bilim-terbiýe almagyny, jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny, olaryň zyýanly endiklerden we hukuk bozulmalardan daşda durmagyny gazanmak, olarda watançylyk, ynsanperwerlik, ýokary ahlaklylyk ýaly asylly häsiýetleri, şeýle hem Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna, maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek maksady bilen kämillik ýaşyna ýetmedik ýetginjekleriň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine gezelenç çäresi geçirildi.

Ýaşlaryň gatnaşmagynda geçirilen bu çäräniň dowamynda muzeýiň içine aýlanylyp görlüp, onuň içindäki ýerleşdirilen eksponatlar olarda uly gyzyklanma döretdi.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar ýaşlaryň bagtyýar durmuşda erkana ýaşamagy, döwrebap bilim almagy, ylym öwrenmegi, sport we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Rüstem MÄMMEDOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň

Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň başlygy.

Meňzeş habarlar

20 Iýun 2025 | 0 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI

20 Iýun 2025 | 0 okalan

SPORT ÇÄRESI GEÇIRILDI