Ýakynda Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň hem-de «Türkmen sport» teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda «Nesil» çagalar dynç alyş merkezinde tomusky dynç alyş döwründe gyzgalaňly dynç alýan çagalaryň gatnaşmagynda sportuň futbol görnüşi boýunça toparlaýyn ýaryş geçirildi.
Sport çäresiniň dowamynda erjellik bilen bäsleşip, öz zehinlerini ukyp-başarnyklaryny görkezen we tapawutlanan toparlara Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasy tarapyndan höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.
Çäräniň ahyrynda ýurdumyzy bedew bady bilen ýagty ertirlere alyp barýan, ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, döretmegi ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.
Gülälek TEJENGELDIÝEWA,
Türkmenbaşy dokma toplumynyň Magtymguly
adyndaky IÝG-niň uly buhgalteri.