«MEDENIÝET — HALKYŇ RUHY BAÝLYGYNYŇ EGSILMEZ ÇEŞMESI» ATLY AÝDYM-SAZLY DABARALY MASLAHAT GEÇIRILDI

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň toý dabaralar zalynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň Türkmenistanyň Parahatçylyk Gaznasynyň müdiriýetiniň bilelikde guramagynda «Medeniýet — halkyň ruhy baýlygynyň egsilmez çeşmesi» atly aýdym-sazly dabaraly maslahat geçirildi.

Bu dabarada Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň agzasy, Mejlisiň deputaty Nepes Rozyýew, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň başlygynyň orunbasary, «Arkadagly Ýaşlar» atly elektron žurnalynyň baş redaktory Döwletgeldi Durdymuhammedow, «Nesil» gazetiniň habarçysy Gülnar Geldimyradowa, «Dünýä edebiýaty» žurnalynyň terjimeçisi Annadursyn Annalyýewa, «Güneş» žurnalynyň habarçysy Şamyrat Sypýanow hem-de Türkmen döwlet medeniýet institutynyň Teatr sungaty fakultetiniň Režissura kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Resul Hojanyýazow dagylar çykyş edip, 2013-nji ýyldan bäri her ýyl ýurduň bir sebitinde geçirilýän medeniýet hepdeligi, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyndaky «Türkmeniň ak öýi» binasynda her ýylyň 27-nji iýunynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanylyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasyna badalga berlendigi hem-de bu dabara Hökümet agzalarynyň, Medeniýet ministrliginiň, ýurduň döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň, medeniýet işgärleriniň, sungat ussatlarynyň hem-de talyplaryň gatnaşandygy barada belläp geçdiler.

Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşanlar medeniýetimizi, sungatymyzy gülläp ösmegi, onuň şan-şöhratynyň has-da belende göterilmegi, ýaşlaryň okamagy, öwrenmegi, döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda şert-mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini beýan etdiler.

Hoşgeldi ANNAGELDIÝEW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar

guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň

Medeniýet we köpçülikleýin habar

beriş bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

28 Iýun 2025 | 1037 okalan

GEZELENÇ ÇÄRESI GEÇIRILDI