Şu günler Ahal welaýatynda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň çäginde Ak bugdaý etrabynyň Gämi oba Medeniýet öýünde maşgala aýdym-saz toparlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça usuly maslahat we konsert geçirildi. Bu çärä ýurdumyzyň dürli künjeklerinden maşgala aýdym-saz toparlary we beýleki myhmanlar gatnaşdy.
Halkymyza hyzmat edip gelýän maşgala aýdym-saz toparlarynyň işini has-da kämilleşdirmekde we olary döredijilik üstünliklere ruhlandyrmakda usuly maslahatyň ähmiýeti uly boldy. Onda edilen çykyşlarda milli aýdym-saz sungatymyzyň ösüşi, maşgala aýdym-saz toparlaryň işini kämilleşdirmegiň ýollary barada giňişleýin durlup geçildi, şonuň bilen baglylykda özara pikir we tejribe alşyldy.
Usuly maslahat maşgala aýdym-saz toparlarynyň sungat çykyşlaryna utgaşdy. Diýarymyzyň dürli ýerlerinden gelen maşgala aýdym-saz toparlarynyň joşgunly çykyşlary milli sungatymyzyň ösüşiniň beýanyna öwrüldi. Bu çärä gatnaşanlar ýurdumyzda maşgala aýdym-saz toparlarynyň işini kämilleşdirmäge berýän ünsi, şeýle täsirli çäreleri geçirmäge döredýän mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Oguloraz NYÝAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat
Geňeşiniň esasy hünärmeni.