WELAÝATYMYZYŇ GALLAÇYLARYNYŇ ZÄHMET ÝEŇŞI

Ak bugdaýyň asyl mekany bolan gadymy Ahal topragynyň oba zähmetkeşleri ak bugdaýyň 400 müň tonnadan gowragyny öndürip, Watan harmanyna tabşyrdylar hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynyň arasynda ilkinjileriň hatarynda galla taýýarlamak boýunça tabşyryga hötde gelmegi başardylar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda gazanylan nobatdaky zähmet ýeňşi welaýatymyzyň ýaşlaryny has-da begendirdi. Çünki welaýatymyzyň ýaş gallaçy kärendeçileri, kombaýnçylary, ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryna daşamaga gatnaşan ýaş sürüjileri ak ekin ussatlarymyzyň ajaýyp zähmet üstünligine saldamly goşant goşdular.

Galla oragynyň dowam edýän günlerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýat, etrap Geňeşleriniň wekilleri bolup, gallaçylaryň arasynda höweslendiriş çärelerini yzygiderli geçirdik. Has takygy, gysga wagtlyk arakesme wagtlarynda daýhan birleşikleriniň meýdan düşelgelerinde medeni-dynç alyş dabaralaryny guradyk, olaryň barşynda kärendeçi ýaşlar, kombaýnçylar, awtoulag sürüjileri bilen duşuşyp, olara ýörite sowgatlary gowşurdyk. Bu zatlar olara galla oragyny depginli alyp barmaga ruhubelentlik berdi. Şoňa görä-de, şanly günlerde gallaçylykda gazanylan zähmet üstünliginde ýaşlarymyzyň saldamly goşandynyň bolmagy örän buýsandyrýar.

Ýurdumyzy bereket-bolçulygyň mekanyna öwren, daýhanlarymyza päk zähmetiniň hözirini görüp ýaşamagyna giň mümkinçilikleri döreden hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Rejepgeldi ATAJANOW,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Ahal welaýatynyň

Ak bugdaý etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.