EDEN IŞI NUSGALYK

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň, etrap häkimliginiň, etrap bilim bölüminiň, etrap medeniýet bölüminiň hem-de etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrabyň Talhatanbaba oba medeniýet öýüniň tikin-biçim otagynda «Eden işi nusgalyk » atly aýdym-sazly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň müdiri Jennet Orazowa, Ýolöten şäheriniň ýaşaýjysy, mährem ene Ýazgül Öwezowa, “Älemgoşar” çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüniň gurnak ýolbaşçysy Ýazjahan Allaberdiýewa, etrabyň 32-nji orta mekdebiniň mugallymy, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Güljahan Ýazlyýewa, etrabyň 2-nji orta mekdebiniň mugallymy, ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy Maýsa Goşaýewa dagylar çykyş edip, olar türkmen halkynyň çuňňur, baý medeni mirasy, ýaş nesilleriň terbiýesinde milli gymmatlyklaryň aýratyn orna eýedigi, ene-mamalarymyzyň görüm-göreldesi bilen, köklerini asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli mirasymyz, däp-dessurlarymyz döredijilikli ösdürilip, eli hünärli gyz-gelinler tarapyndan şu günlerimize ýetirilendigi dogrusynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli mirasymyza çäksiz sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Jennet ORAZOWA,

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky

Ýaşlar guramasynyň Mary welaýatynyň

Ýolöten etrap Geňeşiniň Guramaçylyk

bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

26 Iýun 2025 | 1 okalan

EDEN IŞI NUSGALYK

26 Iýun 2025 | 1 okalan

SPORT — SAGLYGYŇ GIREWIDIR

24 Iýun 2025 | 505 okalan

BAÝRAMÇYLYK DABARASY GEÇIRILDI