Ýurdumyzda beden we ruhy taýdan sagdyn nesli terbiýeläp ýetişdirmek ugrunda zerur şertleriň döredilmegi Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň baş ugry bolup durýar. Häzirki döwürde bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň her bir adamyň durmuş endigine öwrülmegi ata Watanymyzda ilatyň saglygynyň berkidilmegine, ýaşlaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmeklerinde uly ähmiýete eýedir. Ýaşlaryň boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmak, sporta höweslendirmek maksady bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Dänew etrap Geňeşiniň guramagynda Dänew etrabynyň 7-nji sport mekdebinde ýaş ýetginjekleriň arasynda sportuň futbol ugry boýunça sport ýaryşy geçirildi. Bu sport ýaryşyna 7-nji sport mekdebine gatnaýan ýaş ýetginjekler gatnaşyp, iki topar özaralarynda bäsleşdiler. Sport ýaryşy çekeleşikli ýagdaýda geçdi. Bu sport ýaryşynda «Seýdi» topary ýeňiş gazandy. Munuň özi ýaşlaryň berk bedenli, sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý edýän tejribeli türgenler bolup ýetişmekleri üçin yhlas-başarnyklary açyp görkezmäge itergi berýär.
Täze taryhy döwrümizde ýaşlarymyzyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary babatda uly aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.
Dursunjemal SARYÝEWA,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň
Dänew etrap Geňeşiniň Guramaçylyk
bölüminiň esasy hünärmeni.